6 June 2025
2025/06/03 - 12:10

Ýurdumyzyň ilçisiniň Demirgazyk Horasan welaýatyna amala aşyran iş sapary

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda şenbe güni irden Ali Mojtaba Ruzbehani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady we hukuk hünärmenleri bilen Demirgazyk Horasan welaýatyna baryp ýolbaşçylar we ykdysady işewürler bilen iş duşuşyklary we ýygnaklary geçirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi we ýany bilen giden wekiliýet, eýranly işewürleriň we telekeçileriň Türkmenistan bilen söwda we beýleki gatnaşyklardaky sowallaryny we meselelerini öwrenmek üçin öz eziz Watanyna ugrady. Şenbe gününiň ilkinji maksatnamasyna laýyklykda, ilçi Božnurd şäherinde Türkmenistan bilen söwdany ösdürmek boýunça ýöriteleşdirilen we amaly ýygnaga gatnaşdy.

Şenbe güni agşam geçirilen ikinji ýygnakda, bu welaýatyň ykdysady işewürleriniň Božnurd şäheriniň Söwda-senagat, magdan we oba hojalyk edarasyna baryp görmek bilen, ýurdumyzyň ilçisi olaryň aladalaryny diňledi we Türkmenistana edilýän eksporty ösdürmekdäki meseleleriň çözgütlerini hödürledi.

Ilçiniň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň Eýranda bolan ilkinji gününde  geçiren soňky duşuşygy Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimlik binasynda geçirildi, şeýle-de Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen hyzmatdaşlygyň ösüşine gözegçilik etmek we meýilnamalaşdyrmak boýunça bu welaýatyň häkimi we degişli hünärmenler bilen duşuşyk geçirildi.

Şenbe güni Demirgazyk Horasan welaýatyndaky Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň hormatly başlygy jenap Arbab Halesiň we jogapkär hünärmeniň tagallasy bilen guralan köp sanly ýygnakdan soň, özara pikir alyşmagyň netijeleri gözden geçirildi we zerur kararlar kabul edildi. Bu ýygnak giç agşama çenli dowam etdi.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است