Hakykat bolsa bakydyr we hemişe diridir
1902-nji ýylda Eýranda bir bäbek dünýä indi. Ol soň-soňlar yslam ynkylaby bilen bir milletiň musulmanlaryň we dünýäniň ykbalyny üýtgetdi. Onuň baştutanlyk eden ynkylaby ilki başyndan beýläk dünýäniň bar güýçleri milletleriň erkinliginiň garaşsyzlygynyň ähli duşmanlary onuň garşysyna hatar tutdylar.
Geljekki nesilleriň ony “Ymam Homeýni” ady bilen tanajak adamy, ady dünýäniň her bir nokadynda eşidiljek, taryhda baky galjak adam, dünýänň iň uly güýçleriniň öňünde durmagy başarjak we ýurduň garaşsyzlygyny, musulman ummatynyň mertebesini gorajak adam, gymmatlyklaryň ýoýulyşa sezewar bolan döwründe Hudaýtagalanyň dinini gaýtadan dikeldiji bolup ýetişjekdigini ol wagt hiç kim bilmeýärdi.
Şehit professor Morteza Motahhari Ruholla Homeýni asp etmek bilen onuň ähli döwürler üçin dörän adamdygyny we imanyň düýp manysy bolandygyny aýdýar. Hut şu iman bilen hem ol batyrgaýlyk we öňdengörüjilik bilen kommunizmiň pese gaçjakdygyny we tankydy dünýäsiniň yrfaany ruhy baýlyga mätäçlik çekýändigini aýtdy. Oonuň özi şol ruhy baýlygyň hakyky şekillennmesi we ýüze çykmasydyr.
Ymam Homeýni özüniň zehini, artykmaçlyklary we Hudaýtarapyn berlen çäksiz başarnyklaryna daýanyp hukuk, ýörelgeler, pelsepe we tasawwuf ýaly köp sanly rasional we irrasional yslam bilimlerini we ylymlaryny öwrendi we bu ylymlarda aýratyn hünär kämilligine we ussatlyga eýedi. Ylmy üstünlikleri Tahrir al-Wasilah, Kitab al-Baý, Makasib al-Muharram, Kyrk Hadys, Şarh du'a al-Sahar we Namazyň edepleri ýaly gymmatly kitaplaryny ýazmagyna sebäp boldy. Mundan başga-da, Gom we Nejef dini seminarlarynda mugallymçylyk eden ökde we başarnykly mugallymdy.
Ol ol köp asyrlar geçen soň hem göýä bir ruhy lider we içki ýol görkezijisi ýaly öz döwrüniň täze Sezarlaryny we imperatorlaryny hakykatyň, ýaradylyşyň haýran galdyryjylygynyň, söýgi we iman ýolunyň öňünde boýun bolmaga çagyran adam bolupdy. Dünýä onuň sesini eşitdi we eşider. Dünýädäki onlarça kiçi we uly ýurt şol dindar gojanyň mukaddes sesiniň täsirliligi babatda nähili ägirt we nähili bagtyýarlyk bagşlaýjy bolandygyna şaýatlyk ederler!
Arhiýepiskop Ilarion Kapuççi: "Eýranyň dünýäniň iň uly güýçleriniň garşysynda üstün çykmagy Ymam Homeýniniň ýolbaşçylyk edendigi we Eýran halkynyň berk ynamy bilen mümkin boldy" diýýär. Bular Ymam Homeýniniň rewolýusiýasyny beýleki häzirki zaman rewolýusiýalaryndan tapawutlandyrýan aýratynlyklardyr. Birbitewi inkär ediş, ateizm döwri gutardy. Indi bir Hudaýlylygyň zamanasyi geldi we täze döwür başlandy. Ymam Homeýni hemme zada ylahy reňk we hoşboý ys berdi, ýer hem asmana mahsus bir görnüşe eýe boldy.
1989-njy ýylyň 3-nji iýunynda ol ömrüniň bütin dowamynda hoşnutlygyny gazanmak üçin jan çekdigi Hudaýtagala bilen duşuşmaga özüni taýynlady. Gudratygüýçli Alladan başga hiç kime tagzym etmändi. Indi bu pursatlar onuň özi üçin iň dabaraly, onuň şägirtleri üçin bolsa çekip-çydap bolmajak pursatlardy.
Şol gün adamlaryň nähili gynanandygyny hiç zat bilen suratlandyryp bolmaz. Dünýä metbugaty Ymam Homeýniniň jaýlanyşyna 9 million adamyň gatnaşandygyna şaýatlyk edýär. Ymam Homeýni dünýäde ezilenleriň atasydy we ony ýitirmek mahrumçylyk çekýän ynsanlar üçin uly gynançdyr.
Ymam Homeýniniň aradan çykandygy baradaky habar derrew dünýäniň iň esasy habaryna öwrüldi we sebitde we dünýäde giňden şöhlelendi. Dünýädäki köp musulmanlar ýas çärelerini geçirdiler. Dünýä liderleri, wezipeli adamlar, belli şahsyýetler, halkara guramalar we toparlar gelip ýa-da hat iberip Ymam Homeýniniň aradan çykandygyna gynanç bildirdiler.
Ymam Homeýniniň hatyrasy we ýoly ölmez-ýitmez boldy, sebäbi ol real hakykatdy. Hakykat bolsa bakydyr we hemişe diridir.
Ymam Homeýniden köpüsi Eýran rewolýusiýasyndan öň ýazylan etika, hukuk, mistika, filosofiýa, hadys, poeziýa we Gurhna düşündiriş bermek ugurlary boýunça kyrkdan gowrak eser ýadygär galdy.