2 June 2025
2025/05/28 - 10:37

Eýranyň ilçisi türkmen halysynyň sergisine baryp gördi

Ali Mojtäba Ruzbehani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyň haly gününe bagyşlanyp geçirilen dabara gatnaşyp sergä gatnaşdy we biziň ýurdumyzdan gatnaşýan wekiller bilen söhbetdeşlik etdi. Türkmen halylaryň ajaýyp gözellikleriniň arasynda eýran suratkeşleriň işleri we eserleri beýleki ýurtlaryň ilçileriň ünsini hem özüne çekdi.

Bu dabaranyň çäginde ýurdumyzyň ilçisi žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşliginde eýranly türkmenleriň we Türkmenistanyň halylarynyň arasyndaky meňzeşlikleri barada aytdy, şeýle-de Eýran we Türkmenistanyň iki garyndaş milletleriniň umumy medeni köklerini belläp geçmek bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است