EYR-nyň hökümetiniň metbugat wekili hanym Mohajerani
Şu gün Türkmenistanda açylan Häzirkizaman jemgyýetinde zenanyň roly atly halkara forumynda çykyş eden EYR-nyň hökümetiniň metbugat wekili hanym Mohajerani şeýle diýdi: “Zenana we onuň jemgyýetleriň ösüşindäki konstruktiw roluna üns bermek biziň garaýşymyzça ýöne bir şygar däldir – ol biziň çuňňur dini milli we medeni ynanjymyzyň bir bölegidir
Şu gün Türkmenistanda açylan Häzirkizaman jemgyýetinde zenanyň roly atly halkara forumynda çykyş eden EYR-nyň hökümetiniň metbugat wekili hanym Mohajerani şeýle diýdi: “Zenana we onuň jemgyýetleriň ösüşindäki konstruktiw roluna üns bermek biziň garaýşymyzça ýöne bir şygar däldir – ol biziň çuňňur dini, milli we medeni ynanjymyzyň bir bölegidir”
Bu forumyň Eýran medeniýetindäki Eneler güni bilen gabat gelendigini guwanç bilen belleýärin we ähli eneleri bu bagtly gün bilen gutlaýaryn. Bu gün eneleriň nesilleri terbiýelemekdäki, ynsan gmmatlyklaryny nesilden-nesile geçirmekdäki we jemgyýetler üçin belent gelejegi döretmekdäki çalşyryp bolmajak ornuny ýatladýan gündür.
Döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, şu günki forumda zenanlar jemgyýetine üns bermek ugrunda möhüm ädim ädiler we şu bilelikde pikirlenmek mümkinçiliginden peýdalanyp, has gowy jemgyýet, ýagty geljegi gazanmak babatdaky zenanlaryň aýratyn roly we orny baradaky ideýlarymyzy we garaýyşlarymyzy göwnejaý usulda paýlaşyp bileris diýip umyt edýärin