Papa Fransiskiň gynanç kitabyna gol çekilmegi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtäba Ruzbehani 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde sişenbe güni Watikanyň ilçihanasyna baryp Papa Fransiskiň gynanç kitabyna gol çekdi.
Dünýä katolikleriniň ruhy ýolbaşçysy, Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly Watikanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda onuň hormatyna gynanç kitabynyň açylmagynyň ilkinji sagatlarynda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi bu ýurduň ilçihanasyna baryp gynanç kitabyna gol çekdi.
Ali Mojtäba Ruzbehani, Watikanyň ilçisi bilen merhum Papa Fransiski ýatlap eden ýürekdeş söhbetinde, onuň dünýäde parahatçylygy berkitmek baradaky garaýyşlaryna, ylaýta-da Rim Papasynyň ýaňy ýakyndaky ýüzlenmesine we Gazada atyşygyň bes edilmeginiň tizden tiz berjaý edilmegi we Palestina halkyna goldaw bermek baradaky nygtamalaryna ýokary baha berdi.